JEMGYÝETSYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Aşgabat-Moskwa gatnawlary täzeden başlaýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat – Moskwa – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli ýolagçy gatnawlaryny ýerine ýetirip başlaýar. Bu barada awiakompaniýanyň resmi saýtynda habar berilýär.

Hususan-da bu barada şeýle diýilýär:

Hormatly Ýolagçylar!

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2023-nji ýylyň 15-nji dekabryndan başlap Aşgabat – Moskwa – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli ýolagçy gatnawlaryny ýerine ýetirip başlaýandygy barada Size habar berýäris. Agzalan ugurlar boýunça awiabiletleri biziň resmi saýtymyzda, Türkmenistanyň çägindäki ähli satuw nokatlarynda we Russiýa Federasiýasynyň satuw nokatlarynda we onlaýn sahypasynda “turkmenistanairlines.ru” alyp bilersiňiz.

Mundan ozal, uçuş howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, Moskwa howa giňişligindäki howa ýagdaýy, şeýle hem töwekgelçiligi bahalandyrmak esasynda, «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugry boýunça ýerine ýetirilýän ähli uçuşlar togtadylypdy.

Related posts

Raýatlarymyz ýurdumyza getiriler: Çäklendirmeler we möhletler

Ata Watan Eserleri

Pan Gi Mun: 12-nji dekabr türkmen halky üçin möhüm seneleriň biri

Türkmenistanyň içeri işler ministrine täze orunbasar bellendi