JEMGYÝET

Arkadag şäherim bar

ARKADAG ŞÄHERI – YLHAM GÖZBAŞY

Arkadag şäherim bar

Alyp Arkadag patasyn, hyýallary çyna öwrüp,

Gurup mermerden binasyn, binýadyny çuñdan örüp,

Ýaşanyña degýär Watan, ýürek galkar şährin görüp,

Her gün täzelikden doly, bir buşlukçy säherim bar,

Dünýä ýüzün haýran eden, bu Arkadag şäherim bar.

 

Gatbar-gatbar binalary lowlap duran mähek ýaly,

Ýollary bar güller bezän, ak şährime jähek ýaly,

Toý-baýramsyz güni geçmez, her bir güni sähet ýaly,

Waspyn edip soñlap bolmaz, bir bakylyk eserim bar,

Ýörsem messan, dilde dessan, bu Arkadag şäherim bar.

 

Seýle çyksañ seýilgähler, gujak açar güller bilen,

Owazasy dünýä dolan, ýakyn-ýatdan iller geler,

Garşy-alar duz çörekli, hoş söz, güler-ýüzler bilen,

Yklymlary aşyk eden, baky pasly baharym bar,

Myhmanlarna gujak açan bu Arkadag şäherim bar.

 

Akyllydyr her bir öýi, täze dünýäñ ülñesinde,

Beýle eşret ýokdur entek, döwletleriñ özgesinde,

Açyşlarña, ösüşlerñe haýran dünýäñ gözi sende,

Sanly ulgamda ýetilen sansyz ösüşleñ jemi bar,

Geljekden şu güne habar, bu Arkadag şäherim bar.

 

Bu berkarar döwletimiz, eýýamlarda galkyp barýar,

Ýeñiş bilen dogýan günler, göz-görtele artyp barýar,

Arkadagly Serdar bilen, bagta eziz halkym barýar,

“Öñe, öñe, diñe öñe” döwletli bir pähimiň bar,

Ýüreklere ylham bolan, bu Arkadag şäherim bar.

 

Aman Döwletow

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniñ 5-nji ýyllyk talyby

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Lu Ban ussahanasy açyldy

Hytaý kompaniýasy Amyderýanyň sag kenarynda 190 milliard kubmetr tebigy gaz öndürdi

Türkmenistanyň Prezidenti Din Sýuesýany kabul etdi

Din Sýuesýan: Türkmenistan bilen gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyrys

Türkmenistan Hytaýa 462 milliard kubmetr tebigy gaz eksport etdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Hytaý 5 ýyllyk hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekişdi

Ata Watan Eserleri