JEMGYÝET

Grenlandiýa buz suwlaryny eksport etmekçi

Grenlandiýanyň hökümeti buzlaryň eremegi bilen emele gelen suwlary eksport etmekçi. Global ýagdaýlar sebäpli gurakçylyk emele gelen ýerlerde bu suwlara islegiň ýokary dereje bolmagy mümkin. Bu barada «Der Tagesspiegel» neşiri ýazýar.

Hökümet wekilleri buz suwlaryny eksport arkaly ulanmagyň tarapdary. Eger suw şeýle ýol bilen ulanylmasa, ol biderek bugaryp, ýok bolup gider.

Ýeri gelende aýtsak, häzir dünýä ýüzünde 9 döwlet buz suwlaryny satmak boýunça ygtyýarnama aldy.

Yklymşynaslaryň aýtmagyna görä, Grenlandiýadaky buzlaryň ereýiş hadysasy başga ýerdäkilere görä has çalt bolup geçýär.

Related posts

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Sukuba uniwersitetiniň prezidentini kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynda «Bagtyýarlygyň» ähmiýeti

Sanatçı John Newman : Öňe öňe diňe öňe Türkmenistan

vepa