Ýewropa Bileleşigi (ÝB) bilen Hindistan iki tarapyň arasynda iki onýyllyga golaý dowam eden gepleşikleriň tamamlanmagy bilen erkin söwda barada şertnama boýunça ylalaşyk gazandy. ÝB-niň wekiliýeti ikitaraplaýyn sammite gatnaşmak üçin Nýu-Delä geldi. Bu barada “The Times of India” neşiri habar berýär.
Gepleşiklere Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen hem-de Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi gatnaşdy. Taraplar söwda ylalaşygynyň esasy şertlerini ara alyp maslahatlaşyp, ony durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassykladylar.
Ursula fon der Lýaýen taraplaryň ilaty takmynan iki milliard adama barabar bolan erkin söwda zolagyny döredendigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, bu ylalaşykdan iki tarap hem peýda görer. Şeýle-de ol bu şertnamany taryhda iň uly söwda ylalaşygy hökmünde häsiýetlendirdi.
Hindistanyň Premýer-ministri hem ylalaşyga şuňa meňzeş baha berdi we ony Ýewropa Bileleşigi bilen Hindistanyň arasyndaky gatnaşyklarda taryhy waka diýip atlandyrdy.
Gazanylan ylalaşyga laýyklykda, Hindistan Ýewropadan getirilýän birnäçe harytlara salynýan gümrük paçlaryny ýatyrar. Bu harytlaryň hataryna miwe şireleri, gaýtadan işlenen azyk önümleri, zeýtun ýagy, margarin hem-de beýleki ösümlik ýaglary girýär. Bu bolsa ÝB-den oba hojalyk önümleriniň Hindistana eksporty üçin mümkinçilikleri açar.
Häzirki wagtda bu paçlar 150 göterime ýetýär. Ylalaşyk güýje girenden soňra, tarifler 40 göterime çenli azaldylar.
Umuman alanyňda, Ýewropa Bileleşiginden eksport edilýän harytlaryň 96,6 göterimi tarif ýeňilliklerinden peýdalanar. Bu şertler senagat we oba hojalyk önümleriniň giň toplumyna degişli bolar.
Öz nobatynda, Ýewropa Bileleşigi ekologik hyzmatdaşlyk boýunça borçnamalary öz üstüne aldy. Bileleşik Hindistana 500 million ýewro möçberinde maliýe goldawyny berer. Bu serişdeler parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmaga hem-de ýurduň senagat özgertmelerini goldamaga gönükdiriler.
