JEMGYÝET

Türkmenistanyň işewür wekiliýetiniň Eswatini Patyşalygyna sapary

Türkmenistanyň işewür wekiliýeti söwda, maýa goýumlary we ösüş ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen Eswatini Patyşalygyna bardy. “Eswatini Positive News” neşiriniň habar bermegine görä,  bu sapar iki ýurduň diplomatik gatnaşyklary resmi taýdan ýola goýandan soňra hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge ygrarlylygyň nyşany boldy.

Wekiliýete “Aýdyn Gijeler” hususy kompaniýasynyň baş direktory Hydyrberdi Abdurahmanow ýolbaşçylyk edýär. Kompaniýa önümçilik, infrastruktura ösüşi, elektronika we IT çözgütleri ugurlarynda iş alyp barýar.

Türkmen wekiliýeti Eswatini Patyşalygynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Folile Şakantu, şeýle hem Içeri işler ministri, Şazada Lindiwe bilen duşuşyklar geçirdi.

Bu sapar geçen ýyl Eswatini Patyşalygynyň Patyşasy Mswati III-niň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna (LLDC3) gatnaşmak üçin Türkmenistana amala aşyran saparynyň netijesinde emele gelen hyzmatdaşlygyň dowamy bolup durýar.

Bellenilişi ýaly, şol saparyň çäklerinde Türkmenistan bilen Eswatini arasynda has ýakyn diplomatik we ykdysady gatnaşyklaryň düýbüni tutdy. 2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda Eswatini Patyşalygy bilen Türkmenistan arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Teswirnama gol çekildi. Ylalaşyk Eswatini tarapyndan senator Folile Şakantu, Türkmenistan tarapyndan bolsa daşary işler ministri Raşid Meredow tarapyndan gol çekilip, diplomatik, ykdysady we tehniki hyzmatdaşlyk üçin resmi mümkinçilikleri açdy.

Diplomatik binýadyň energiýa, oba hojalygy, howanyň üýtgemegine durnuklylyk, infrastruktura ösüşi we tehnologiýa ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikler döredýändigini belleýär.

Mundan başga-da, ýurtlar parahatçylygy berkitmek we durnukly ösüş başlangyçlary boýunça köptaraplaýyn meýdançalarda hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi maksat edinýärler.

Mälim bolşy ýaly, Eswatini Patyşalygynyň Premýer-ministri Rassel Dlamini, Maglumat, aragatnaşyk we tehnologiýa ministri hanym Sawannah N. Maziýa 2025-nji ýylyň dekabrynda Tükrmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin Türkmenistana amala aşyran sapayrnyň çäklerinde “Aýdyň Gijeler” Hojalyk jemgyýetiniň önümçilik ussahanalaryna baryp görüpdi we bank we SIM-kartalaryň önümçiligine aýratyn gyzyklanma bildiripdi.

Ýene-de okaň

BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynda Türkmenistanyň agzalygy

Türkmenistanyň Prezidenti Watan goragçylaryny hünär baýramy bilen gutlady

Kristiano Ronaldo Türkmenistana geler: 11-nji fewralyň taryhy agşamy

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

«Galkynyş» toparyna 48-nji halkara Monte-Karlo sirk sungaty festiwalynda halkara şahadatnamalar gowşuryldy

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaragly Güýçleriň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyşyna gatnaşdy