JEMGYÝET

Daşary ýurtda bilim almak isleýärsiňmi?! Onda birinji ädimi şu ýerden başla!

Daşary ýurtda bilim almak hemmämiziň bilşimiz ýaly, belli bir möçberde maliýa serişdesini talap edýär. Şonuň üçin hem Ýaponiýa döwleti dürli ugurlar boýunça  ýokary okuw jaýlarynyň  programmalarynda okamak üçin halkara talyp haklary hödürleýär. Bu talyp haklary Ýaponiýada şol talyp hakyna mynasyp bolan halkara dalaşgärlere okuw döwründe edilýän çykdaýjylaryny doly ýa-da bölekleýin öz içine alýar. Bu talyp haklary dürli möwsümler üçin Ýaponiýa döwletiniň  ýokary okuw jaýlarynda halkara dalaşgärlere açyk.

Ýapon hökümetiniň  daşary ýurtly talyplaryna bilim almak we ylmy barlaglary geçirmek üçin hödürleýän iň gowy talyp haklarynyň biri hem MEXT programmasynyň talyp haklarydyr. Bu talyp hakyna daşary ýurtly dalaşgärler ýaşaýan ýurtlaryna görä dürli möwsümde dalaş edip bilerler. Köplenç Türkmenistanda  talyp hakyna dalaş etmek möwsümi her ýylyň aprel aýynda açylýar. Goşmaça maglumat üçin Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen habarlaşyp bilersiňiz. MEXT programmasynyň esasy aýratynlygy okuw döwründäki ähli çykdaýjylary öz içine almagy we Ýaponýanyň ýokary okuw jaýlarynda bilim almagyň ähli basgançaklary üçin niýetlenen bolmagydyr.

Ýaponiýanyň baýry ýokary okuw jaýlary:

Tokiýa Uniwersiteti (The University of Tokyo)

Kýoto Uniwersiteti (Kyoto University)

Osaka Uniwersiteti (Osaka University)

Tokiýanyň Tehnologiýa Uniwersiteti (Tokyo Institute of Technology)

Tohoku uniwersiteti  (Tohoku University)

Nagoýa uniwersiteti (Nagoya University)

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum ruhy Lider Aýatolla Hameneýi üçin guralýan çäre gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy Aşgabatda bellendi