JEMGYÝET

Ibra ýene-de “rossoneri”

«The Telegraph» neşiriniň ýazmagyna görä, şwesiýaly futbolçy Zlatan Ibragimowiç Angliýadan gelen teklipleriň ählisinden ýüz öwrüp, ozalky topary «Milan» bilen ylalaşyga geldi.

Ýene-de iki ýyldan 40 ýaşaýan futbolçylarynyň «rassoneriler» bilen şertnamasy möwsümiň ahyryna çenli bolar. Häzir ol ― erkin oýunçy. Ibra ýakynda ABŞ-nyň «Los AnŽeles Gelaksi» topary bilen hoşlaşypdy.

Habarlara görä, «Milan» futbolçynyň transferini özüniň 100 ýyllyk ýubileýiniň bellenilýän gününde yglan etmekçi.

Futbolçy «Milanda» mundan ozal 2011 ― 2012-nji ýyllarda futbol oýnapdy. Onuň Italiýada «Milandan» başga-da, «Ýuwentus» we «Inter» toparlarynda hem futbol oýnandygyny ýatladýarys.

Related posts

Brüksel’de Trans Hazar doğalgaz boru hattı projesi görüşüldü

vepa

New Issue of ATAVATAN TÜRKMENISTAN International Magazine Features Information on Preparation for 5th Asiada

vepa

208 Villa Sahiplerini buldu

vepa