DÜNÝÄ

Gazagystanyň medeniýet ministri wise-premýerlige bellendi

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Permany bilen Aida Balaýewa Gazagystan Respublikasynyň medeniýet we maglumat ministri — Premýer-ministriň orunbasary wezipesine bellenildi diýip, Kazinform agentligi Akorda salgylanyp habar berýär.

“Gazagystanyň Prezidentiniň gol çeken Permany esasynda Balaýewa Aida Galymowna Gazagystan Respublikasynyň medeniýet we maglumat ministri — premýer-ministriň orunbasary wezipesine bellenildi” diýlip habarda aýdylýar.

Aida Balaýewa 2000-nji ýylda Abaý adyndaky Almaty döwlet uniwersitetini, 2007-nji ýylda Gazak Milli Agrar uniwersitetini tamamlaýar.

2020–2022-nji ýyllarda Gazagystan Respublikasynyň maglumat we jemgyýeti ösüşi ministri bolup işledi. 2022–2023-nji ýyllarda Gazagystan Prezidentiniň Administrasiýasynyň başlygynyň orunbasary wezipesinde işledi.

2023-nji ýylyň 2-nji sentýabryndan bäri Gazagystan Respublikasynyň medeniýet we maglumat ministri.

2010-njy ýylda «Hormat» ordeni bilen sylaglanypdyr. Sosiologiýa ylymlarynyň kandidaty.

Ýene-de okaň

Türkmen we iňlis nakyllary Kindle görnüşinde çap edildi

Azerbaýjan Ukraina awtobuslary berdi we 45 million dollar möçberinde kömek etdi

Türkmen bedewiniň milli baýramy: döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyjy» atly ýubileý medaly dörediler

Türkmenistan Maldiwlere we Bruneý-Darussalama ilçi bellär

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy