DÜNÝÄ

ÝK Liwan hökümetine 33 million ýewro bermekçi

«Ýewropa Komissiýasy Beýrut şäherindäki partlama zerarly Liwanyň hökümetine 33 million ýewrodan gowrak maddy kömek berer» diýip, Komissiýanyň prezidenti Ursula fon der Lýaýen habar berdi.

Bu serişde eýýäm Ýewropa Bileleşigi bilen hem ylalaşyldy. Serişde zerurlyklar, lukmançylyk kömegi we Beýruty galkyndyrmak üçin sarp ediler.

Mundan daşary, ÝB Liwanyň hökümetine goşmaça ýardamlary bermäge hem taýýar.

Beýrut şäherinde bolup geçen partlama sebäpli, häzir Liwan hökümetine dünýä döwletleri we halkara guramalar tarapyndan köp sanly maddy ýardam gelýär.

Related posts

Türkmenistan bilen Ysraýylyň arasyndaky geňeşmeler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň ilkinji parlamentara forumyna gatnaşýar

Türkmen ilçisi Kataryň Baş prokurory bilen duşuşdy