DÜNÝÄ

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty işläp başlady

Tebigatyň janlanýan, daş-töweregiň al-elwan güllere beslenýän günlerinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty işläp başlady. Onuň işe girizilmegi guramanyň işini döwrebaplaşdyrmakda nobatdaky ädim bolup, amala aşyrylýan ekologiýa başlangyçlary baradaky maglumatlaryň elýeterliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Guramanyň esasy iş ugurlary ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge goşant goşmakdan, ýaş nesilleriň arasynda ekologiýa medeniýetini kemala getirmekden we «ýaşyl» endikleri wagyz etmekden ybaratdyr. Alnyp barylýan işler milli derejedäki ekologiýa maksatnamalaryny we meýletinçilik hereketlerini öz içine alýar.

«Web-saýtymyzyň işe girizilmegi sanlylaşdyrma bilen ekologiýa medeniýetiniň utgaşmasydyr. Ol diňe bir maglumat çeşmesi bolman, eýsem, tebigaty goramak bilen bagly başlangyçlaryň ähli taraplar üçin elýeterli bolmagyna hyzmat eder. Bu platforma ekologiýa durnuklylygy ugrunda halkara derejesindäki gatnaşyklary berkidýän möhüm köpri bolar» diýip, guramanyň başlygy Leýli Şyhmädowa belleýär.

Ulanyjylar habarlar, amala aşyrylan işler baradaky makalalar bilen türkmen, rus we iňlis dillerinde tanşyp bilerler. Şeýle hem olar tebigaty goramaga goşant goşmak maksady bilen gurama agza bolup ýa-da meýletinçilik hereketine goşulyp bilerler.

Web-saýtyň işe girizilmegi jemgyýetçilik we halkara guramalar bilen özara gatnaşyklaryň işjeňleşmegine hem-de ýurdumyzyň ekologiýa syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam eder.

Ýene-de okaň

Tramp Putini Maýamidäki G20 sammitine çagyryp biler

Eýran Hazarýaka döwletleriniň sammitini geçirmäge taýýarlanýar

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň ösüş strategiýays ministri bilen duşuşdy

Şawkat Mirziýoýew Merkezi Aziýanyň Gyzyl kitabyny döretmegi teklip etdi

Bütindünýä banky Merkezi Aziýanyň taslamalaryna 1 milliard dollar maýa goýdy

Amyderýadan Aşgabada: Ýaş tebigatçylar üçin okuw maslahaty geçirildi