JEMGYÝET

Türkmenistanda 1-nji dekabrdan 200 manatlyk banknot dolanyşyga giriziler

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň Merkezi banky Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 1-nji dekabryndan 1, 5, 10 manatlyk modifisirlenen polimer banknotlary, şeýle hem täze 200 manatlyk polimer banknoty dolanyşyga girizýär.

Merkezi bankyň metbugat beýanatynda habar berlişi ýaly, bu pullaryň esasy aýratynlygy hapalanma, könelme, zeperlenme ýaly daşky täsirlere durnuklylygydyr. Şeýle-de olaryň gorag alamatlary has güýçlendirilip, hakykylygyny tassyklaýan şekilleri wizual taýdan kämilleşdirildi. 1, 5 we 10 manatlyk banknotlaryň reňki hem-de şekili öňki görnüşde saklanyp, olarda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň nyşany şekillendirilendir. 200 manatlyk banknotyň ýüz tarapynda «Arkadag» binasynyň, arka tarapynda bolsa Arkadag şäher häkimliginiň edara ediş binasynyň şekili ýerleşdirilipdir. Dolanyşyga giriziljek modifisirlenen manatlaryň we täze banknotyň ýüz tarapynda olaryň çykarylan senesi, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygynyň golunyň faksimilesi görkezilýär.

Bu banknotlar ýurdumyzyň çäginde eýeçiliginiň görnüşine, alyp barýan iş ugruna garamazdan, edara-kärhanalaryň we guramalaryň ählisi tarapyndan tölegleriň ähli görnüşleri boýunça hökmany kabul edilmäge degişlidir. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň 2009-njy, 2012-nji, 2014-nji, 2017-nji, 2020-nji ýyllaryň nusgasyndaky ähli banknotlary Türkmenistanyň çäginde kanuny töleg serişdesi bolmagynda galýar. Ýurdumyzyň çäginde dolanyşykda bolan banknotlardyr teňňeleriň hakykylygyny takyk kesgitlemek üçin azyndan bäş sany gorag alamatyny barlamak zerurdyr. Bu alamatlar baradaky maglumatlar bilen https://www.cbt.tm salgysy boýunça Merkezi bankyň resmi internet saýtyndan tanşyp bilersiňiz.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Din Sýuesýan bilen duşuşdy

Oguljahan Atabaýewa  Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

Oguljahan Atabaýewa Adaty däl lukmançylyk otagynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Türkmenistana geldi

BMG Merkezi Aziýany dünýäniň geljegi uly syýahatçylyk sebitleriniň biri diýip atlandyrdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Serhetleriň howpsuzlygy boýunça Bütindünýä kongresine gatnaşýar

Ata Watan Eserleri