JEMGYÝET

«Kudo Kudo» restorany: Aşgabatda täze nokadyny açdy

«Kudo Kudo» fastfud restorany Türkmenistandaky ýerleşýän nokatlarynyň sanyny barha artýar. Bu fasfud restoranynyň Aşgabat şäherindäki “Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy” söwda merkeziniň birinji gatynda täze nokday açyldy.

Paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň iň bir gelim-gidimli söwda merkezleriniň birinde açylan şahamçada towuk etinden taýýarlanan dürli görnüşli naharlar müşderilere hödürlenýär.

Bu ýerde lezzetli burgeriň dürli görnüşlerinden dadyp görmek bolar.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, bu türk restorany 3 sany şahamçada – ýagny «Aşgabat Mall» – söwda we dynç alyş merkezinde, «Syýahat» myhmanhanasynyň 1-nji gatynda hem-de Mary welaýatynda öz müşderilerine hyzmat edip gelýär.

TÄZE ŞAHAMÇA:

“Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy” söwda merkezi (“Optowoý”) birinji gaty

Tel: +993 64 90 60 95

@kudo_kudo_turkmenistan

Related posts

Medeniýet hepdeligi – 2024 Arkadag şäherinde geçiriler

Ilkinji çekilen gol satyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti Astana ykdysady forumyna gatnaşdy

vepa