JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň sammitiniň çäklerinde resmi kabul edişlik çäresine gatnaşdy

Ozal hem habar berşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine we Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin dört günlük iş sapary bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Týanszin şäherine bardy.

Hormatly Prezidentimiz Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy we onuň maşgalasy tarapyndan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşýan wekiliýet ýolbaşçylarynyň hormatyna berilýän agşamlyk naharyna myhman hökmünde gatnaşdy.

Şu ýyl Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynda Hytaý başlyklyk edýär we ol «Şanhaý ruhuny» ilerledip: ŞHG hereketde» şygary astynda geçýär. Asman astyndaky ýurtda bu guramanyň ugry boýunça indi 5-nji gezek geçirilýän ýokary derejeli duşuşyga 20-den gowrak ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, halkara guramalaryň 10-synyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Ertir «Meýszýan» sergi we maslahatlar merkezinde ŞHG-ä agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi hem-de «ŞHG+» formatyndaky ýokary derejeli duşuşyk geçiriler.

 

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri baýram namazyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň daşary işler ministri BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde Bitaraplygyň dostlary toparynyň adyndan çykyş etdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýokary derejeli açyk pikir alyşmalaryna gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Ýaşulular geňeşinde Arkadag şäherine wekilçilk eder

Türkmenistanda Gurban baýramy bellenýär

Ata Watan Eserleri

Ýaşulular geňeşi hossarsyz gyzjagaza Arkadag gyzy Gurbangül diýip at dakdy