BILIMCES 2026 Las Vegas

Iňlis dilini öwrenmek isleýänler üçin ygtybarly çeşme: Makul Sözlük

Makul English Turkmen

“Makul iňlisçe–türkmençe sözlük” Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda neşir edilip, häzirki wagtda “Amazon” platformasynda satuwa çykaryldy.

Kitaby bu linkden satyn alyp bilersiňiz https://www.amazon.com/dp/B0FQ1D2KRN

Giň gerimli sözlük — 16 500 söz, ýörite adalgalar

Täze Makul sözlük jemi 16 500 iňlis dilindäki sözleri we olaryň on müňlerçe türkmen dilindäki terjimelerini özünde jemleýär. Ol diňe umumy sözler bilen çäklenmän, hukuk, işewürlik, lukmançylyk, sport, emeli intellekt ýaly ugurlardaky ýöriteleşdirilen adalgalary hem öz içine alýar.

Bu neşir dürli toparlar üçin peýdaly gollanma bolup hyzmat eder: okuwçylar, talyplar, terjimeçiler, hukukçylar, ykdysadyýetçiler, lukmanlar, IT hünärmenler we halkara gatnaşyklary bilen meşgullanýan ähli okyjylar üçin giň mümkinçilikleri açýar. Kitabyň  baş redaktory Dr. Döwran Orazgylyjow bolup durýar.

Makul Sözlük diňe bir Amazonda elýeterli bolman, www.makulsozluk.com web saýtyndan hem peýdalanyp bolar. Şeýle hem Android we Ios Applikasiýalary elýeterli bolup, aşakda berilen linklerden mugt ýükläp alyp bilersiňiz.  Şeýle hem aşakda saýtymyzyň Aplikasiýalarynyň linkleri hem Size ýetirilýär.

 

 

Redaksiýa kollegiýasy we dizaýn topary

Sözlügiň taýýarlanylmagyna birnäçe alymlar we hünärmenler gatnaşdy. Redaksiýa kollegiýasy şu adamlardan ybaratdyr:

Amangeldi Baýgeldiýew –filosofiýa ylymlarynyň kandidaty

Azat Nazarow – dilçi alym

Şamil Roznazarow – “Makul Hyzmat” terjime merkeziniň direktory

Döwran Orazgylyjow – hukuk ylymlarynyň doktory, awtor we baş redaktor

Kitabyň kompýuter dizaýn işleri hem ýaş hünärmen Ysmaýyl Orazgylyjow tarapyndan ýerine ýetirildi.

Neşiriň taýýarlanylmagy “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi tarapyndan goldanyldy.

Ýene-de okaň

Türkmen ýaşlary Malaýziýanyň PETRONAS uniwersitetinde bilim alyp bilerler

Koreýa Respublikasyndan Halkara gatnaşyklary institutyna tehniki kömek

Türkmen talyp ýaşlary Bangkokdan medally dolandylar

BIMO-2026 we BIChO-2026 halkara olimpiadalaryndaky türkmen talyp ýaşlarynyň üstünlikleri

Amerikada mugt magistr okasyň gelýärmi?: Fulbrught Foreign study programme

Ata Watan Eserleri

Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde ýokary bilimiň täze ulgamy güýje girer