SPORT

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Argentinaly hüjümçi Lionel Messi karýerasynda 405-nji gol pasyny berdi. “Inter Maýami” klubynyň futbolçysy, ozal wengriýaly hüjümçi Ferens Puşkaşa degişli bolan (onuň 404 netijeli pasy bardy) rekordy täzeledi.

Messiniň bu meşhur gol pasy MLS-iň ýarym finalynda “Nýu-Ýork Siti” toparyna garşy oýunda hasaba alyndy. Lionel öz ýurtdaşy Mateo Silwetteniň gol geçirmegine ýardam edipdi. Neitjede, “Inter Maýami” 5:1 hasabynda ýeňiş gazanyp, finala çykdy.

MLS çempionatynyň esasy duşuşygynda Messiniň topary “Wankuwer” toparyna garşy oýnar. Bu möwsümde argentinalynyň hasabynda MLS-de 33 oýunda 35 gol we 26 netijeli pas bar.

Messiniň karýerasy dowamynda ol “Barselona”, “PSŽ” we “Inter Maýami” klublarynda, şeýle hem Argentina ýygyndysynda çykyş etdi. Ol:

  • 2022-nji ýylyň Dünýä çempiony,

  • 10 gezek Ispaniýanyň çempiony,

  • 2 gezek Fransiýanyň çempiony,

  • 2 gezek Amerika Kubogynyň eýesi,

  • 2008-nji ýylyň Olimpiýa çempiony,

  • 4 gezek Çempionlar Ligasynyň ýeňijisi,

  • 3 gezek Klublaryň Dünýä Çempionatynyň ýeňijisidir.

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi