SPORT

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň Ispaniýada taýýarlyk görýär

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň futbol boýunça 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy 4 ― 15-nji sentýabr aralygynda Ispaniýa Patyşalygynyň Mursiýa şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçer. Tejribeli tälimçi Döwletmyrat Annaýewiň şägirtleri bu ýerde ýoldaşlyk duşuşyklarynyň hem birnäçesini geçirer.

Has takygy, türkmen futbolçylary 7-nji sentýabrda Uelsiň, 9-njy sentýabrda bolsa Farer adalarynyň ýaşlar ýygyndylary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirerler. Biziň ildeşlerimiziň 11-nji sentýabrdaky garşydaşy bolsa okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň geçirilýän şäheriniň «Real Mursiýa» toparynyň ýaşlar düzümi bolar.

Baş tälimçi Ispaniýadaky türgenleşikler üçin düzüme 23 futbolçyny çagyrdy. Olaryň 13-si «Ahal», 4-si «Arkadag», ikisi «Altyn Täç», ýene şonçasy «Merw» toparyna wekilçilik edýär. «Aşgabat» we «Altyn Asyr» toparlarynyň bolsa her haýsyndan bir futbolçy bar.

Türkmenistanyň futbol boýunça 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysynyň geçirjek halkara ýoldaşlyk duşuşyklary:

07.09.2024ý. I Uels – TÜRKMENISTAN

09.09.2024ý. I Farer adalary – TÜRKMENISTAN

11.09.2024ý. I Real Mursiýa – TÜRKMENISTAN

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda 4 medal gazandy

Alp Arslan Begenjow Aziýanyň çempiony boldy

Gwardiola 10 ýyllyk topary bilen hoşlaşdy

“Spartak” topary Russiýanyň Kubogyny gazandy

Ajun Ylyjalynyň «Hall Siti» topary Angliýanyň Premýer-ligasyna çykdy

«Bawariýa» topary 21-nji gezek Germaniýanyň kubogyny gazandy