SPORT

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“Inter Maýami” toparynyň argentinli hüjümçisi Lionel Messi öz toparyna MLS-iň Gündogar Konferensiýasynyň pleý-off finalynda ýeňiş gazanmaga kömek etdi. Şeýlelikde, Messi we topardaşlary MLS çempionatynyň Gündogar Konferensiýasynyň çempiony boldy we Messi karýerasyndaky 47-nji kubogyny gazandy.

“Inter Maýami” topary “Nýu-Ýork Siti” toparyny uly hasap bilen ýeňdiler (5:1), Messi bu duşuşykda topardaşynyň gol geçirmägine ýardam etdi.

Messiniň karýerasyndaky 47-nji kubogy gazandy. Mundan öň, bu hüjümçi 35 gezek “Barselonada”, 6 gezek Argentina ýygyndysynda, 3 gezek “PSŽ” toparynda kubok gazanmagy başarypdy.

Lionel Messi “Inter Maýami” toparynda 2023-nji ýylyň tomsundan bäri çykyş edýär. Häzirki möwsümde ol MLS-iň adaty çempionatynyň iň köp gol geçiren futbolçysydyr.

Şol bir wagtda “Inter Maýami” topary MLS Kubogynyň finalyna çykdy. Finalda “Wankuwer Uaýtkeps” topary bilen duşuşar.

Related posts

“Mançester Siti” indiki möwsümde oýnar

Arli Çonteý ― Daşkentdäki ilkinji dünýä çempiony

Ata Watan Eserleri

Elektron sport boýunça saýlama ýaryş geçiriler