SPORT

Mbappe jemgyýetçilik torunda hem üstünlik gazanýar

Fransuz ýyldyz Kilian Mbappe ýaşyl meýdançada bolşy ýaly, jemgyýetçilik torlarynda hem üstünlik gazanýar. Onuň “Instagram” jemgyýetçilik torundaky yzarlaýjylarynyň sany 100 milliona ýetdi. Ol bu babatda şeýle görkezijä eýe bolan 6-njy türgendir.

Fransiýanyň milli ýygyndysynyň we “PSŽ” toparynyň hüjümçisiniň akkaundynda abunaçylaryň sany 100 million boldy. Ol bu görkeziji bilen dünýäde 30-njy, türgenleriň arasynda 6-njy adam boldy.

Jemgyýetçilik torunda uly görkezijä eýe bolan türgenler – Kristiano Ronaldo (556 mln), Lionel Messi (437 mln), hindi türgeni we kriketçi Wirat Kohli (239 mln), Neýmar (205 mln) we basketbolçy Lebron Jeýms (147 mln).

Related posts

Ronaldonyň şertnamasy ýatyryldy

Eriksen futbol karýerasyny tamamlamaly bolarmy?

“Real Madrid” topary Kilian Mbappeni tanyşdyrdy

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment