DÜNÝÄ

Türkmenistan Dohadaky BMG-niň ýokary derejeli maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasayr Hojamyrat Geldimyradow Kataryň paýtagty Doha şäherinde geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň iň pes ösen ýurtlar boýunça 5-nji maslahatyna gatnaşýar.

5-9-njy mart aralygynda geçirilýän bu sammite BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreşiň hut özi hem gatnaşýar. Bu forum halkara kömeginiň iň zerur ýerinde durnukly ösüşi çaltlaşdyrmak, iň pes ösen ýurtlaryň mümkinçiliklerini açmak we olaryň ykdysadyýetini dikeltmäge kömek etmek üçin döredildi.

Bu forumda çykyş eden türkmen tarapy ulag pudagynyň mümkinçiliklerine ünsi çekdi. Bu ugurda BMG-niň tagallalaryny güýçlendirmegiň zerurdygy bellenildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň ulag ulgamyndaky başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi we BMG tarapyndan gyzgyn goldawa eýe boldy. Baş Assambleýa tarapyndan 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda degişli kararnamalar kabul edildi.

Şonuň üçin türkmen tarapy iň pes ösen döwletlerde ählumumy ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň zerur bolup durýandygyny mälim etdi.

 

 

Related posts

Awaza: Täjigistanyň Prezidenti Hormat nyşany bilen sylaglandy

Türkmenistanyň we Hindistanyň ministrleriniň Nýu-Ýorkdaky duşuşygy

Ata Watan Eserleri

Aleksandr Beglow Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi

Leave a Comment