MEDENIÝET

“Bahar aýdymy” atly baýramçylyk konserti geçirildi

Şu günler ýurdumyzda Halkara zenanlar gününiň baýramçylyk dabaralary giň gerimde bellenilip geçilýär. Şeýle baýramçylyk dabaralarynyň biri “Watan” kino konsert merkezinde geçirildi. “Bahar aýdymy” atly baýramçylyk dabaralarynyň guramaçysy hökmünde “Ýenme” jemgyýetçilik guramasy bilen USAID-iň “Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa” maksatnamasy çykyş etdi.

Baýramçylyk dabarasynyň başynda dürli kärdäki erkek adamlaryň zenanlara, mährem enelere, gyzlara we gelinlere bagyşlap aýdan gutlag sözleri wideoýüzlenme esasynda tomaşaçylara görkezildi.

Soňra baýramçylyk sahnasynda dürli çykyşlar ýerine ýetirildi. Folklor toparlarynyň dürli halklaryň tanslary ýerine ýetirmegi bu baýramçylygyň halkara derejesini görkezdi.

Şeýle hem dabarada ýurdumyzyň sungat ussatlary özleriniň mährem enelere we mähriban aýal-gyzlara bagyşlan aýdymlary tomaşaçylaryň göwnüni göterdi.

Dürli lybaslarynyň görkezilişi dabarasy çäre aýratyn öwüşgin çaýdy. Ýaş modaçy gyzlar dürli zenan egin-eşikleri görkezip, tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi.

Bu ýerde “Ýenme” jemgyýetçilik guramasynyň dürli hünärleriň esasynda taýýarlanan egin-eşikleriň we sowgatlyk harytlaryň sergisi hem guraldy.

Ýene-de okaň

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berdi

Ata Watan Eserleri

Ýewraziýa döwletleriniň muzeý ýolbaşçylarynyň Birinji forumy geçirildi