DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçisi Malaýziýanyň Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Malaýziýanyň Parlamentinde türkmen tarapynyň başlangyjy esasynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi M.Maşalow bilen bu ýurduň Premýer-ministriniň orunbasary, Oba hojalyk we sebitleýin ösüş ministri Dr. Ahmad Zahid bin Hamidiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar türkmen-malaý gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada, hususan-da syýasy, söwda-ykdysady, energetika we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özara bähbitli gatnaşyklary geljekde has hem ösdürmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Malaýziýanyň “Petronas” kompaniýasynyň arasyndaky uzakmöhletleýin dowam edip gelýän hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

Şeýle-de malaý tarapy, iki ýurduň işewürleriniň arasynda halal önüm senagaty we halal önümi sertifikatlaşdyrmak ýaly ugurda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyny teklip etdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak maksady bilen, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň derejesinde yzygiderli aragatnaşygy saklamak babatynda ylalaşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmen we iňlis nakyllary Kindle görnüşinde çap edildi

Azerbaýjan Ukraina awtobuslary berdi we 45 million dollar möçberinde kömek etdi

Türkmen bedewiniň milli baýramy: döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyjy» atly ýubileý medaly dörediler

Türkmenistan Maldiwlere we Bruneý-Darussalama ilçi bellär

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy