JEMGYÝET

Oguljahan Atabaýewa Pakistanyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Farýal Legarini bilen duşuşdy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, diplomat duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, gaznanyň alyp barýan ynsanperwerlik işiniň uly hormata mynasypdygyny belledi.

Nygtalyşy ýaly, çagalar baradaky alada, hususan-da howandarlyga we lukmançylyk kömegine mätäç çagalar baradaky alada islendik döwletiň we jemgyýetiň ileri utulýan ugry bolup durýar. Gaznanyň alyp barýan asylly işi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň parasatly we öňdengörüjilikli syýasatynyň aýdyň subutnamasydyr.

Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasyny däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny belledi.

Oguljahan Atabaýewa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýurdumyzda çagalara saglygy goraýyş we durmuş maksatly berilýän hyzmatlaryň mundna beýläk-de ösdürilmegine uly üns berýändigini nygtady.

Bellenilişi ýaly, haýyr-sahawat gaznasy 2021-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça döredilip, çagalara hususan-da, ene-atasynyň howandarlygynda jyda düşen çagalara hemmetaraplaýyn kömek berýär.

Häzirki wagta çenli gaznanyň serişdeleriniň hasabyna çagalara 700-den gowrak lukmançylyk operasiýalary ýerine ýetirildi. Şeýle hem gaznanyň binýadynda sagaldyş-dikeldiş merkezi we inklýuziw çagalar bagy hereket edýär.

Diňe şu ýylyň dowamynda merkezde 900-e ýakyn çaga tölegsiz esasda sagaldyş-dikeldiş bejergisini aldy.

Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti şu ýylyň dekabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek” atly halkara maslahatynyň geçiriljekdigini aýdyp, bu forumyň zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny pugtalandyrmak babatda pikir alyşmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat etjekdigini belledi.

Ilçi gender deňligini üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň durmuşa geçirýän işlerine Pakistanda ýokary baha berilýändigini belläp, bu maslahatyň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna bilen hem duşuşdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Özbegistanyň Prezidentleriniň ikiçäk duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Garaşsyzlyk ýadygärligine gül goýdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Merkezi Aziýada kuwwatly elektrik energiýa ulgamyny döretmegiň başlangyjyny öňe sürdi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY

Türkmenistanda Çagalaryň bütindünýä gününe bagyşlanyp çäreler guralar

Türkmenistanda ýaşlaryň 141-si Ýaşlar baýragyna mynasyp boldy