DÜNÝÄ

Babasary Annamyradow Özbegistanda halkara baýraga mynasyp boldy

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde “Geljegiň mirasy” atly halkara baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Yslam Medeniýet Merkezinde geçirilen dabara Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gazagystanyň Prezidenti Kasym Žomart-Tokaýew, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna çagyrylan Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew gatnaşdy.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň karary bilen esaslandyrylan bu halkara baýragy edebiýat, medeniýet, sungat, ylym, bilim we sanly tehnologiýalar ugurlarynda uly üstünlikler gazanan milli we daşary ýurt döredijilik intelligentsiýasynyň wekillerini höweslendirmäge gönükdirilendir.

Ilkinji bäsleşigiň ýeňijileri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň wekilleri boldular: “Edebiýat” ugry boýunça – TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary, Gyrgyzystanyň halk ýazyjysy Sultan Raýew, “Medeniýet” ugry boýunça – Täjigistanyň halk şahyry Döwlet Safarzoda, “Teatr we kino” ugry boýunça – Gazagystanyň M. Awezow adyndaky Milli drama teatrynyň artisti Erkebulan Daýirow, “Saz we tans” nominasiýasynda – Azerbaýjanyň halk artisti Alim Gasymow, “Şekillendiriş we amaly sungat” ugry boýunça – Türkmenistanyň halk suratkeşi Babasary Annamyradow, “Ylym, bilim we sanly tehnologiýalar” ugry boýunça – Özbegistanyň Oba hojalygy ministrliginiň ýanyndaky halkara merkeziniň direktorynyň orunbasary, oba hojalyk ylymlarynyň doktory Dilfuza Egamberdiýewa baýraga mynasyp boldy.

Baýragyň heýkeljigi, diplom we 10 müň dollar möçberindäki pul sylagy Liderleriň gatnaşmagynda ýeňijilere dabaraly ýagdaý gowşuryldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary