BILIM

Türkmenistanly oglanyň esaslandyran startapy- «KinesteX» 8 million ABŞ dollary möçberinde bahalandyryldy

«KinesteX» startapynyň esaslandyryjysy 24 ýaşly Perman Annamämmedow  startapyny durmuşa geçirmekde üstünlikli tejribä eýedir. Onuň taryhy Türkmenistanyň ýaş zehinleriniň mümkinçiliklerini aýdyň görkezýär.
Ol höwesjeňler topary bilen bilelikde çalt emeli aňy (AI) ulanýan innowasion fitnes programmasyny işläp düzdi. Taslamanyň esasy maksady yzygiderli sport bilen meşgullanmak isleýän adamlara sagdyn bolmaga kömek etmekdir.
Permanyň belleýşi ýaly, olar şahsy tälimçiniň bir görnüşi bolan «AI» kömekçisini döretdiler. Bu programma diňe bir kaloriýalary hasaplamakdan çäklenmän, eýsem, has giň mümkinçiliklere eýedir:
«Biziň kömekçimiz smartfonyň kamerasynyň kömegi bilen hakyky wagt tertibinde hereketleriň dogrulygyna gözegçilik edýär we maşklaryň nähili ýerine ýetirilýändigi barada jikme-jik maslahatlary berýär. Ulanyjynyň fiziki işjeňligi barada yzyna habar berip, ol diňe bir ädimleri hasaplaman, eýsem, dogry iýmitlenmäge kömek edýär, şikes ýetmek howpunyň öňüni alýar we iň esasy zat, maksatlara ýetmek üçin ruhlandyrýar».
Startapyň üstünligi täsirli maliýe görkezijileri bilen tassyklanýar. Ýakynda, iň soňky wençur maýa goýumynyň netijesinde, «KinesteX» 8 million ABŞ dollary möçberinde bahalandyryldy. Bu bazarda bary-ýogy üç ýyl işlemek bilen gazanylan ajaýyp üstünlikdir.

Related posts

“Açyk gapylar”: Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty

Ata Watan Eserleri

Talyp-2025: Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti

Ata Watan Eserleri

“Talyp karzy” mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri