DÜNÝÄ

Özbegistan we Gazagystan haryt dolanyşygyny 10 milliard dollara ýetirmegi meýilleşdirýärler

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokayew Özbegistan Respublikasyna amala aşyraýn döwlet saparynyň çäklerinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Duşuşykda söwda, ulag we logistika, energetika, oba hojalygy, suw serişdelerini dolandyrmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, şeýle hem medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Döwlet Baştutanlary Daşkentde sebit we halkara gün tertibiniň esasymeseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Özbegistan we Gazagystan özara haryt dolanyşygyny ýylda 10 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýärler. Iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy 2025-nji ýylyň başyndan bäri 4 milliard dollara deň boldy.

“Ýük gatnawlarynyň möçberi artýar, şäherleriň arasynda hepdede 40-dan gowrak howa gatnawlary ýerine ýetirilýär. 6,5 müň bilelikdäki kärhana döredildi, ileri tutulýan pudaklarda iri taslamalar amala aşyrylýar. Senagat kooperasiýasyny ösdürmek maksady bilen 8 milliard dollardan gowrak bahasy bolan taslamalar bukjasy taýýarlanyldy. Şeýle taslamalary ilerletmek üçin Bilelikdäki Maýa goýum meýdançasyny işe girizmek teklip edildi” diýlip maglumatda bellenýär.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanlary iki ýurduň sebit ýolbaşçylarynyň ilkinji Geňeşini 2026-njy ýylda Gazagystanda geçirmek barada ylalaşdylar.

Şeýle hem Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokayewi bu döwlet sapary mynasybetli ýurduň iň uly döwlet sylaglarynyň biri bolan ýokary derejeli “Dostluk” ordeni bilen sylaglady.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi

Baş Sekretar Türkmenistanyň hemişelik wekiliniň ynanç hatyny kabul etdi

TÜRKSOÝ-yň binasynda türkmen kinosynyň 100 ýyllygy bellendi

Ählumumy saglygy goraýyş boýunça ýokary derejedäki Dialogyň açylyş dabarasy geçirildi

Özbegistanyň Prezidenti ABŞ-a sapara barýar

Türkmen-eýran gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy