DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýeti Hindistanda geçirilen 30-njy Hyzmatdaşlyk Sammitine gatnaşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary Kerimberdi Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2025-nji ýylyň 14-15-nji noýabrynda geçirilеn Hindistanyň Andhra-Pradeş ştatynyň Wişakhapatnam şäherinde Söwda, maýa goýum, senagat, tehnologiýa we geoykdysadyýet ugurlar boýunça 30-njy Hyzmatdaşlyk Sammitine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Sammitde innowasiýa, maglumat tehnologiýalary we arassa energetika ugurlary boýunça söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmek hem-de bu ugurlarda maýa goýumlary çekmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Hindistanyň Söwda we senagat ministri Piýuş Goýal, Andhra-Pradeş ştatynyň baş ministri Nara Çandrababu Naidu we ýerli işewürler bilen duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri boýunça pikir alşyldy.

Related posts

Şamuhammet Durdylyýewe täze wezipä berildi

Ata Watan Eserleri

Syýasatşynaslaryň we žurnalistlerıň gatnaşmagynda media-forum

Ata Watan Eserleri

Halkara migrasiýa guramasynyň wekiliniň Türkmenistana sapary