DÜNÝÄ

Türkmenbaşy bilen Batumi şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklary ýola goýlar

Gruziýa döwlet saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzäniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz 2024-nji ýylda Aşgabat şäherinde dünýä belli gruzin şahyry Şota Rustaweliniň heýkeliniň açylandygyny, Gruziýada hem türkmen medeniýetine, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine we mirasyna uly hormat goýýanlaryň köpdügini belledi. Iki ýurduň arasynda bilim-ylym ugurly gatnaşyklary ösdürmäge, esasy ýokary okuw mekdepleriniň, akademiki institutlaryň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga aýratyn üns berilýär.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Gruziýanyň şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklary ýola goýmagy dowam etdirmegiň möhümdigini aýdyp, üç ýyl mundan ozal Arkadag şäheri bilen Gruziýanyň Telawi şäheriniň arasynda doganlyk gatnaşyklary ýola goýmak barada Ylalaşyga gol çekilendigine ünsi çekdi we deňizýaka Türkmenbaşy hem-de Batumi şäherleriniň arasynda-da şeýle gatnaşyklary ýola goýmak baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdi.

Ýene-de okaň

Tramp Messiniň, Ronaldonyň we Keýniň oýnuna ýokary baha berdi

Eýranyň Beýik Ruhy Lideri hatyralandy

Endi Bernem – Beýik Britaniýanyň täze Premýer-ministri

Türkmenistan «ÝB-Merkezi Aziýa» ýokary derejeli dialogyň 13-nji mejlisine gatnaşdy

Türkmenistan bilen Gruziýa medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarly

Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşyk geçirildi