DÜNÝÄ

Türkmenistan Liwan Respublikasyna ilçi belledi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisi geçirildi. Şol mejlisiň barşyndan birnäçe resminamalara gol çekildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanyna laýyklykda, Türkmenistan Liwan Respublikasyna ilçi belledi.

Milli Liderimiziň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Aýazow şol bir wagtda Türkmenistanyň Liwan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesinde bellendi.

 

«John Deere» kompaniýasy bilen ähtnama gol çekildi

Related posts

Merkezi Aziýa ýurtlary we Azerbeýjan Respublikasy bilen Arap ykdysady hyzmatdaşlygy forumynyň üçünji mejlisi geçirildi

“Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” sammiti Gyrgyzystanda geçiriler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ilçisi Gruziýanyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy