BIZNES

Türkmen telekeçileri Gruziýanyň bazaryna çykýar

Hormatly Prezidentimiziň Gruziýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde geçirilen Türkmen-gruzin işewürlik maslahatynyň dowamynda iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň 50-den gowragy geçirilip, olaryň dowamynda şertnamalar baglaşyldy we ähtnamalara gol çekildi.

Saparyň çäklerinde Tbilisidäki “Ekspo Georgia” sergiler merkezinde Türkmen-gruzin işewürlik maslahaty hem-de Türkmenistanda öndürilen önümleriň  sergisi geçirildi. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan sergide ýurdumyzyň senagat, dokma, oba hojalyk, azyk we beýleki pudaklarynda öndürilýän ýokary hilli önümler halkara işewür toparlaryna tanyşdyryldy. Bu sergi türkmen öndürijileriniň halkara bazarlarynda bäsdeşlige  ukyply önümlerini görkezmek bilen bir hatarda, täze hyzmatdaşlary çekmek üçin hem netijeli meýdança boldy.

Hususan-da:

  • “Döwrebap ulag merkezi” hojalyk jemgyýeti logistika hyzmatlary boýunça birnäçe gruzin kompaniýasy bilen Şertnama,
  • “Tibet türkmen” hojalyk jemgyýeti Gruziýa konditer önümlerini eksport etmek boýunça Şertnama,
  • “Gündogar Akymy” hojalyk jemgyýeti distribýuterligi almak boýunça Şertnama,
  • “Şerbetli Ak gar” hojalyk jemgyýeti Gruziýa konditer önümlerini eksport etmek boýunça Şertnama,
  • “Täç hil” hojalyk jemgyýeti Gruziýa himiki-ýuwujy serişdeleri eksport etmek boýunça Şertnama,
  • “Ygtybarly ätiýaçlandyryş” AGPJ ätiýaçlandyryş hyzmatlary boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama,
  • “Mizemez gadam” hususy kärhanasy bolsa gurluşyk harytlaryny satmak we almak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi.

Related posts

Türkmen telekeçileri Hytaýdaky sergilere çagyrylýar

Nebitgaz pudagyna 234 million manatdan gowrak serişde goýberiler

Ata Watan Eserleri

Türkmenbaşy we Daşoguz şäherlerinde adalat edaralarynyň täze edara binalary gurlar