DÜNÝÄ

Eýranyň Beýik Ruhy Lideri hatyralandy

2026-njy ýylyň 16-njy iýulynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeniýet merkezinde  Eýranyň Beýik Ruhy Lideri Aýatolla Ali Hameneýini ýatlamak çäresi geçirildi. Çärä Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, Medeniýet merkeziniň mugallymlary we pars dili öwrenijileri, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň başynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Eýranyň Lideriniň döwlet syýastyndaky we jemgyýetdäki orny, mirasy şeýle-de Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge we ösdürmäge goşan uly goşantlaryny ýatlap geçdiler.

Çäräniň dowamynda Medeniýet merkeziniň mugallymlary we pars dili öwrenijileri hem çykyş edip, olar öz çykyşlarynda Ymam Hameneýi hakyndaky makaladyr goşgulary okadylar. Şeýle-de şehit Ymam Hameneýi barada wideoşekiller görkezilip, onuň adyna aýat-töwir okalyp, dileg-doga edildi.

Related posts

Wladimir Putin Gyrgyzystana döwlet sapary bilen bardy

2027-nji ýyla çenli Täjigistanda takmynan 11 million bag ekiler

Täze ýylda awtobuslar mugt bolar