DÜNÝÄ

ABŞ-da saýlawlar: 50 million amerikaly ses berdi

Mälim bolşy ýaly, dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özünde jemleýän 5-nji noýabrda geçirilen ABŞ-nyň prezident saýlawlary üçin wagtyndan öň 50 milliondan gowrak amerikaly ses berdi.

Bu barada “Axios” portaly Florida uniwersitetiniň wagtyndan öň ses bermek boýunça maglumat ulgamyna salgylanyp habar berdi.

Deslapky maglumatlara görä, wagtyndan öň ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň 39 göterimi Demokratik partiýasynyň, 36 göterimine golaýy bolsa Respublikan partiýasynyň saýlawçylarydyr.

Şeýle hem ses beren saýlawçylaryň 41 göterimi 65 ýaşdan uly bolan saýlawçylardyr.

Habar berlişine görä, 2020-nji ýylda saýlawlarda wagtyndna öň ses bermäge 100 müň saýlawçy gatnaşypdy.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, düýn ABŞ-nyň häzirki Prezidenti Jo Baýden hem wagtyndan öň ses beren saýlawçylaryň biridir.

Ýene-de okaň

Türkmen-gyrgyz parlamentara gatnaşyklary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň wekiliýeti Baku Energiýa hepdeligine gatnaşýar

Türkmenistanyň ilçihanalary welosipedli ýörişler gurnady

Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada geçirilýän Halkara zähmet maslahatyna gatnaşýar

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Buharestde welosiped ýörişi geçirildi

Hytaýyň ilçihanasy Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasyna 200 kitaby sowgat berdi