DÜNÝÄ

Ýaponiýada täze ýokary tizlikli otly

Ýaponiýa tehniki täzelikler babatynda dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň biri. Şonuň üçin dünýäniň täze ýokary tizlikli otlularynyň biriniň Ýaponiýada işlenip düzülmegi, aslynda, juda bir haýran galarlyk ýagdaý hem däl.

Ýokary tizlikli otlyny dörediji JR East kompaniýasynyň wekilleriniň aýtmagyna görä, onuň tizligi sagatda 360 kilometre çenli ýeter. Otly ilkinji synag ýörişini Sendaý ― Aomori aralygynda üstünlikli geçirdi.

Ýogsa-da, täze ýokary tizlikli otly «Alfa-X» diýlip atlandyrylýar. Onuň tehniki gurluşy tizligi ýene-de 40 kilometre çenli ösdürmäge, şeýlelikde, sagatda 400 kilometrlik ýoly geçmäge mümkinçilik berýär. Elbetde, ýene bir zady aýtmaly, täze otly ozal bar bolan ýokary tizlikli otlularyň ählisinden kämil. Onuňuzyn tumşugy bolsa hereket edýän wagtynda garşylyklara az gabat gelmegini üpjün edýär.

Ýene-de okaň

Donald Tramp 80 ýaşady

Türkmenistanda Buddanyň heýkeliniň kelle bölegini dikeltmek işi dowam edýär

Türkmenistanyň ilçisi Filippinleriň Garaşsyzlyk gününiň çärelerine gatnaşdy

Türkmenistan Pekinde geçirilen Adam hukuklary ýokary derejeli foruma gatnaşdy

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak toparynyň mejlisi geçiriler

Türkmenistanyň wekiliýeti Howanyň üýtgemegi boýunça Bonn maslahatyna gatnaşýar