DÜNÝÄ

Bilimi boýunça hukukçy bolan ABŞ-nyň Prezidentleri

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň taryhyna ser salnanda, hukuk boýunça bilim alan ýa-da aklawçylyk hünärine eýe bolan prezidentleriň sanynyň örän ýokarydygy görünýär. Jemi 46 prezidentden 27-si hukuk bilimini alypdyr ýa-da karýerasyna aklawçy hökmünde başlapdyr. Bu bolsa, ABŞ-nyň Prezidentleriniň takmynan %59-nyň hukukçy bolandygyny aňladýar.
Hukuk bilimini alan prezidentleriň hatarynda Jon Adams, Tomas Jefferson, Abraham Linkoln, Franklin D. Ruzwelt, Riçard Nikson, Bill Klinton, Barak Obama we häzirki Prezident Joe Baýden ýaly möhüm şahsyýetler bar.

Hukukdan başga, Amerikanyň Prezidentleriniň alan biliminiň ýa-da eýeçilik edýän käriniň arasynda iň köp duş gelýän beýleki hünärler harby gulluk we söwda ibolup durýar. Şeýle-de bolsa, hukuk ugry ABŞ-nyň Prezidentleri üçin iň köp saýlanýan bilim we hünär ugry bolmagynda galýar.

 

Ýene-de okaň

Tramp Putini Maýamidäki G20 sammitine çagyryp biler

Eýran Hazarýaka döwletleriniň sammitini geçirmäge taýýarlanýar

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň ösüş strategiýays ministri bilen duşuşdy

Şawkat Mirziýoýew Merkezi Aziýanyň Gyzyl kitabyny döretmegi teklip etdi

Bütindünýä banky Merkezi Aziýanyň taslamalaryna 1 milliard dollar maýa goýdy

Amyderýadan Aşgabada: Ýaş tebigatçylar üçin okuw maslahaty geçirildi