DÜNÝÄ

Türkmenistanyň daşary işler ministri Indoneziýanyň ilçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Tähran ş.) Ronni Prasetýo Ýuliantoro bilen duşuşyk geçirdi.

Söhbetdeşligiň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-indoneziýa gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi bilen bagly meselelere deglip geçildi.

Diplomatlar döwletleriň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara we sebit guramalarynyň çäklerindäki netijeli özara gatnaşyklary nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşan goşandy üçin Ilçä sagbolsun aýtdy we geljekki işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Öz gezeginde, Ilçi diplomatik wezipesini durmuşa geçirmekde berilen hemmetaraplaýyn goldaw we ýardam üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Related posts

Türkmenistanda “SPECA günleri” geçiriler

Türkmenistan-Azerbaýjan energetika gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy

“Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” ýokary derejeli Dialogyň nobatdaky duşuşygy