JEMGYÝET

Ýurdumyzyň daşary ýurtlarda işlemäge isleg bildirýän raýatlarynyň islegleri kanagatlandyrylar

Şu ýylyň 5-nji sentýabrynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» tassyklanyldy.

Bu bilen baglanşykly TDH habarynda bellenişi ýaly, häzirki wagtda halkara zähmet bazarynda işçi güýjüne bolan isleg barha artýar. Şundan ugur alyp, ýurdumyzyň daşary ýurtlarda işlemäge isleg bildirýän raýatlarynyň isleglerini kanagatlandyrmak, olaryň hukuklaryny goramak we degişli işleri utgaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň raýatlarynyň halkara zähmet bazaryna çykmagy bilen bagly işleri dolandyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen şertnamalary baglaşmak we işçi güýjüniň taýýarlygyny üpjün etmek ýaly möhüm wezipeleri düzgünleşdirmek boýunça çäreleriň üstünde işleniler.

Dünýäde emeli aňyň, sanly tehnologiýalaryň, ylmyň, bilimiň barha ösmegi, haryt bazarynda bäsdeşligiň artmagy, ykdysadyýetimizde hususy pudagyň paýynyň ýokarlanmagy, sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy zähmet bazarynda täze başarnyklaryň, işiň täze görnüşleriniň kemala gelmegini hem-de olar üçin amatly şertleriň döredilmegini talap edýär.

Mundan başga-da, Konsepsiýada zähmet bazaryny ösdürmek bilen bagly pudaklaryň işini utgaşdyrmak, iş üpjünçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek, olara usuly gollanmalary bermek, ýerine ýetirilýän sanly hyzmatlaryň gerimini giňeltmek boýunça işleri dowam etdirmek göz öňünde tutulýar.

Related posts

«Altyn asyr» Türkmen köli Garagum sährasynda millionlarça gektar öri meýdanlaryny döreder

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Hytaý energetika hyzmatdaşlygyny ösdürer

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri we Sadyr Žaparow Ruh-Ordo” medeni merkezine baryp gördi