Gyrgyz Respublikasynda dostlukly saparda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen bilelikde Çolpon-Ata şäherindäki “Ruh-Ordo” medeni merkezine baryp gördi. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.
Bellenilişi ýaly, Gyrgyz Respublikasynyň medeniýet, maglumat we ýaşlar syýasaty ministri Mirbek Mambetaliýew türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de Gyrgyz Baştutanyna Yssyk-Kul kölüniň kenaryndaky açyk asmanyň astynda döredilen medeni toplum hem-de muzeý barada maglumat berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri medeni toplum bilen tanyşlygyň barşynda port desgasyna aýlanyp gördi, şeýle hem gyrgyz halkynyň milli saz guralynda ýerine ýetirilen sazlary diňledi. Bu ýerde komuz saz guraly bilen ýerine ýetirilen sazlar hemmelerde uly täsir galdyrdy.
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow türkmen halkynyň Milli Liderine gyrgyz halkynyň saz medeniýetiniň nyşany bolan komuz saz guralyny sowgat berdi.
Şeýle hem myhmanlar Yssyk-Kul kölüniň kenaryndaky mineral suw çeşmesine baryp gördüler. Gyrgyz Respublikasynyň Yssyk-Kul oblastynda jana şypaly mineral suw çeşmeleriniň müňlerçesiniň bardygy we olaryň adam saglygyna peýdalylygy bilen tapawutlanýandygy bellenildi.