Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-ata şäherinde dostlukly saparda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.
Bellenilişi ýaly, ýokary derejedäki gepleşikleriň öňüsyrasynda iki ýurduň döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasy boldy.
Duşşuykda iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary, hususan-da, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we sebit başlangyçlary ýaly ugurlardaky gatnaşyklar giň gerimde ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gyrgyz Baştutany türkmen halkynyň Milli Lideriniň bu saparynyň türkmen-gyrgyz halklarynyň arasyndaky köpasyrlyk dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny belledi.
Gyrgyzystanyň Prezidenti döwletara gatnaşyklaryndaky söwda hyzmatdaşlygynyň oňyn derejesine uly kanagatlanma bildirdi.
Şeýle hem Sadyr Žaparow Gyrgyzystan-Tükrmenistan ösüş gazanasyny döretmek taslamasyny durmuşa geçirmegiň ähmiýetini belledi. Gyrgyzystan bu ugurda Russiýa, Wengriýa, Özbegistan we Azerbaýjan bilen ikitaraplaýyn ösüş gaznalaryny döretmek ugrunda tejribä eýedir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow myhmansöýerlik üçin gyrgyz tarapyna minnetdarlyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrmaga taýýardyklaryny belledi. Milli Liderimiz türkmen tarapynyň söwda, tebigy gaz, energetika, ulag, medeniýet we bilim ýaly ähli ugurlardaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardygyny belläp geçdi.
Prezidenti Sadyr Žaparow duşuşygyň ahyrynda bu gepleşikleriň türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynda täze ugurlary açjakdygyna berk ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Gyrgyz Lideri türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň “Bitewilik arzuwlary hakykata öwürýän güýçdir” diýen parasatly sözlerini mysal getirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri we Sadyr Žaparow Ruh-Ordo” medeni merkezine baryp gördi