DÜNÝÄ

Alymlar reňkiň täze görnüşini açdylar

Amerikaly alymlar reňkiň täze görnüşini açandyklaryny mälim edip, onuň ozal ylymda mälim däldigini bellediler. Bu baradaky makala “Science Advances” žurnalynda çap edildi.

Ylmy barlaglary alyp baran 5 alym gök bilen ýaşylyň arasyndaky orta derejedäki öwüşgini görmegi başardylar. Barlaglara gatnaşan alymlardan Ostin Rurd şeýle reňkiň ozal görülmändigini belledi.

Ylmy işgärler synagyň netijesinde täze öwüşgin almagy başardylar we lazer arkaly göze täsirini barlap gördüler.

Alymlaryň täze açan reňkiň görnüşi “olo” diýlip atlandyryldy. Bilermenler adaty tebigy ýagtylykda onuň görmegiň mümkin däldigini hem belläp geçýärler.

Related posts

66 million ýaşly galyndy

Türkmenistan’dan, Kofi Annan’ın vefatı nedeniyle taziye mesajı

vepa

Tbiliside Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp futbol ýaryşy geçirildi