Çagalar kitapnahasyna ýaş hünärmen bolup işe başladym. Her bir baýramçylyk dabarasyny, meýilnama boýunça geçirilýän çäreleri mekdep okuwçylary bilen bilelikde geçirmeli bolansoň, Aşgabat şäherindäki 51-nji orta mekdebe bardym. “Mekdep müdiri meni nähili garşylarka? Meniň bilen nähili gürleşerkä?” diýen pikir bilen çekinip-çekinip gapysyny kakdym. Orta boýly, daş keşbinden ýüzi agras görünýan zenan mugallym meni mähir bilen garşy aldy. Hormat bilen salam berip, Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet Çagalar kitaphanasyndan gelenimi aýdyp, özümi tanyşdyrdym. Mekdebiň okuwçylary bilen işleşmelidigimi düşündirip, ýardam bermegini haýyş etdim. Ýolbaşçy mugallyma: “Baş üstüne! Uly höwes bilen kömek ederis, arkaýyn geliň. Dürli mowzukdaky kitaplar okuwçylarymyzyň dünýä gäraýşyna, aň-düşünjesiniň ösmegine uly itergi berer” diýdi-de, meni başlangyç synp mugallymy bilen tanyşdyryp ugrukdyrdy. Bu mugallymyňam adamkärçiligi gowy eken. Mähribanlyk bilen gürleşensoň, kalbymdaky çekinjeňligimden saplanyp dogumlanan ýaly boldum. Işime höwesim hasam artdy. «Ýüz tutup gelen adamy şeýle gowy garşylaýan halypa, ýolbaşçy mugallym gör, näçe iş öwrenmäge gelýän hünärmenlere, ýaş mugallymlara goldaw berendir. Özüniň manyly ömründe öwrenen öňdebaryjy iş tejirebisini öwredip, olary ugrukdyrandyr» diýip hoşal boldum.
Bu mekdebiň başlangyç synp okuwçylary bilen bilelikde iş ýerimizde geçirilen çärede işjeň gatnaşan okuwçylara çagalar kitaphanamyzyň direktorynyň minnetdarlyk bildirip taýýarlan Hormat hatyny gowşurmak üçin men ýene-de mekdebe bardym. Gapydaky nobatçy, mekdep müdiriniň her gün irden geçirilýän nyzamdan soň iş otagyna girýändigini aýtdy. Biraz garaşmagymy haýyş etdi. Bir çetde garaşyp durdum. Çagalyk ýyllarymyň ýatlamalary hakydama geldi. Iki örüm saçly, tahýaly gyzjagazlary, oglanjyklary görüp özümiň ilkinji gezek mekdebe barşym göz öňüme geldi. Mekdep partasynda oturşym, ilkinji mugallymym biygtyýar ýadyma düşdi. Mugallymyň harplary dogry ýazmagy, goşgyny çeper okamagy, aýdym aýtmagy öwredişini ýatladym. Harplyk baýramynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nury Baýramowyň “Mekdebim” diýen goşgusyna aýdym aýdypdym. Içimdem:
«Eý mekdebim jana-jan,
Saňa bolan söýgim kän.
Sen misli enem deýin,
Bakdyň maňa mähriban.
Kitap berdiň goluma
Aýdym berdiň dilime.
Ýene öňe gitmäge
Ýagty saçdyň ýoluma» — diýip hiňlenip durdum.
Şahyr mamla. Biziň her birimiziň elimize kitap, dilimize aýdym beren eziz mekdep, mähriban mugallymlarymyzyň yhlas siňdiren azaplary hakynda pikir etdim. Birden gapyda duran mekdep müdirine gözüm düşdi. Ol ene mähremligi bilen hem terbiýeçi ýolbaşçy mugallym hökmünde 1-nji synp okuwçysyndan başlap tä uly synp okuwçylarynyň iň soňkusy girýänçä şolary garşylap, synp otagyna çenli ugradyp durdy.
Men döredijilik işgäri däl, ýöne käte haýsydyr bir zat täsir edende, ol baradaky pikirimi kagyza geçirmäge howlugýan. Edil şol pursat hem şeýle duýgy kalbymy gurşap aldy. Her bir maşgaladan dürli-dürli terbiýelenip, ösüp gelýän çagajyklara bilim-terbiýe berip, olaryň ählisini bilim ojagynda bir agyza bakdyryp, gije-gündiz taýsyz zähmet çekýän ýolbaşçy mugallym Ogulbeg Annaýewa hakynda makala ýazmak pikiri kelläme geldi. Onsoň başlangyç synp mugallym Jennet Orazowa, rus bölüminiň başlangyç mugallymy Elmira Osipowna, öň paýtagtymyzdaky 52-nji orta mekdepde rus dili mugallymy bolup işlän Ogulbäbek Garajaýewa, şol mekdebiň kitaphanaçysy Aýjeren Hudaýberdiýewa dagy bilen söhbetdeş boldum. Mugallym Jennet Orazowa:
— Mugallymlaryň arasynda ýa-da çagalaryň bilim derejesi boýunça bäsleşiklere gatnaşan pursatlarymyzda Ogulbeg mugallym bizi ugrukdyryp, bilýän zatlaryny öwredip halypa-şägirtlik ýolunda toplan baý iş tejribesi bilen uly goldaw berýär. Bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp bolup gelnende minnetdarlyk bildirip, geljekki üstünliklere ruhlandyrýar — diýip gürrüň berdi. Mugallym Elmira Osipowna:
– Menem Jennet mugallyma goşulýaryn Ogulbeg Annaýewa diňe bir çagalatyň bilim derejesi däl, eýsem çaga terbiýesine hem berk talapkär seredýär. Ol mekdebiň gapysyndan giren soň ähli aladasy diňe mekdep şeýle işine berlen mugallym. Gürrüňdeşligimizi kärdeşimiz №52-nji mekdebiň kitaphanaçysy Aýjeren gelneje bilen dowam etdik. Ol:
— Ogulbeg mugallym barada aýdara zat kän. 17 ýyllap bile zähmet çekdik. Onuň kiçigöwün, pespäl, ynsanperwer häsiýeti bar. Mekdepde zähmet çekýän her bir kärdäki işgärler bilen hoşamaý gürleşýär. Iş talap edende ýolbaşçy hökmünde, talapkär. Haçanda maşgala ýagdaýyňy aýdyp, ýüz tutan wagtyň ol eýýäm ýolbaşçy däl-de, seň bilen duýgudaş saňa düşünýän, goldaw berýän zenan — diýenden,
— Onuň hiç wagt iş otagynda dynç alyp oturanyny görmersiň. Haçan görseň synp otaglaryna aýlanyp mugallymlar bilen terbiýeçilik, ylym-bilim hakynda gürrüň geçip ýörendir — diýip, onuň bilen bile işleşen şu wagt hormatly dynç alyşdaky rus dili mugallym Ogulbäbek Garajaýewa-da pikirini aýtdy. Ogulbeg mugallym hakynda aýdylýan hoşniýetli sözleri bir makalada beýan etmek mümkin däl. Esasy bir zady aýdasym gelýär. Şu makalany diňe bir Ogulbeg mugallymy mahabatlandyrmak üçin däl-de, biziň her birimiz üçin mukaddes ojak bolan mekdep hemem durmuş ýolumyzda mynasyp orny eýeleýän ähli mugallymlaryň ýeňil bolmadyk zähmetini okyjylara ýetirmek isledim. Sebäbi mugallym – beýik ynsan. Ol öz ömrüni bilim bermek işine bagyş edip, okuwçylaryny belent maksatlara ýetirmäge, olaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga, şahsyýet hökmünde durmuşda öz ornuny tapmaga itergi berýär. Durmuşda mugallym uly orna eýedir. Ene-ata çagasyna terbiýe berýär, mugallym bu terbiýäni ösdürýär, bilim öwredýär, çaganyň ylymly bolmagyna ýardam edýär. Ýaşlykda her bir adam mugallymdan görelde alýar. Şonuň üçin bilim beren mugallym unudylmaýar. Sungat wekilleri öz eserlerinde mugallymyň ornuna aýratyn ýer bagyşlaýar. Mugallym hakynda ýazyjy-şahyrlar hem ençeme goşgulary döretdiler, birnäçe kämil eserleri ýazdylar. Şu ýerde şahyr Begmyrat Ussaýewiň “Mugallymnama” atly goşgusyndan käbir setirleri mysal getirmekçi.
“Ganat gerdi uçrum eden guşlaryň,
Eýe bolduň ajap käre, mugalym.
Wagtyndan öň gyraw düşen saçlaryň.
Belki-de, biz sebäpkäri mugallym.
Görünýärsiň gül-gunçanyň içinden,
Hormatly müň salam alýaň geçenden,
Söýgimiz egsilmez, uludyr çenden,
Seniň kimin howandara, mugallym!».
Şeýle setirleri bilen şahyr mekdebi gutaryp, ýokary okuw jaýyna girensoňam, mugallymyň käriniň beýik hünärdigini aýdýar. Ençeme oglan-gyzlaryň durmuş ýolunda öz ornuny tapmaklaryna itergi berendigini, ýöne şol döwürde mugallymyň azap çekip saçlarynyň äk düşmegine azda-kände özleriniň sebäp bolandyklaryny nygtaýar. Şu goşguda beýan edilişi ýaly, şeýle beýik işleri üçin biziň her birimiz mugallyma “Meniň halypam”, “Meniň mugallymym” diýip ýüzlenýäris. Çünki, mugallymlar şeýle belent sarpa mynasypdyrlar.
Gülöwser Rahmanowa,
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet Çagalar kitaphanasynyň kitaphanaçysy.