JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanda saparda bolar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gyrgyz Respublikasyna amala aşyrýan dostlukly saparyndan soňra Özbegistana barar. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Bellenilişi ýaly, 23-24-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň çakylygy boýunça Samarkant şäherinde dostlukly saparda bolar.

Saparyň çäklerinde meýilleşdirilen gepleşikleriň gün tertibine türkmen-özbek strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundna beýläk-de pugtalandyrmaga, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ilki bilen syýasy, parlamentara, söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, meden-ynsanperwer ugurlaryndaky gatnaşyklaryň ähli ugurlary girizildi.

Şeýle hem sebit we halkara gün tertibin boýunça pikir alşylar.

Related posts

Arkadag şäheri Nýu-Ýorkda tanyşdyrylar

Tokioda ilkinji gezek “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” sammiti geçiriler

Ata Watan Eserleri

Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistanyň daşary işler ministrini kabul etdi