JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Şu gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäherinde hem ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi.

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan –bedew batly at-myradyň mekany”ýylynyň taryhy ähmiýeti bolan wakalarynyň üstüni ýetiren umumymilli çäre halal zähmetiň joşguny we belent ruha beslenen aýdym-sazly dabaralar bilen utgaşykly dowam etdi.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň çar künjeklerinde, ýol-ýakalarynda, derýalaryň we iri göwrümli suw akabalarynyň, kolleriň kenarlarynda köpçülikleýin bag nahallary ekilýär. Asylly işler ýurdumyzyň oba-şäherleriniň çäklerinde ýokary ekologiýa derejesiniň saklanmagyny üpjün edýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda üstünlikli alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi.

Ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýazky hem-de güýzki möwsümleriniň geçirilmeginde çuňňur many bar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň ekologiýa syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär. Şunda Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde gurlan Arkadag şäheriniň çäklerinde asylly çäräniň ýazky hem-de güýzki tapgyrlarynda müňlerçe düýp bag nahallary ekilýär. Munuň özi täze şäheriň çäklerinde ýakymly howa gurşawyny döretmek meselelerine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Related posts

Joslin Stouker konsert berer

vepa

Aşgabadyň şäheriniň gününde doglan bäbeklere sowgatlar gowşurylar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan «Merkezi Aziýa ― Russiýa» işewürlik düzümini döretmegi teklip edýär