JEMGYÝET

Neda Berger: ahalteke bedewlerini parahatçylygyň ilçileri diýip atlandyrmak bolar

2026-njy ýylyň 4-nji sentýabrynda Niderlandlaryň Wenraý şäherindäki «Asteria» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda giň gerimli halkara çäreleriň çäklerinde «Ahalteke bedewi: türkmen atçylyk sungatynyň dünýä derejesindäki nusgasy» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.

Forum bu täsin tohumyň esasy hünärmenlerini, bilermenlerini we muşdaklaryny bir ýere jemläp, Türkmenistanyň özboluşly mirasyny gorap saklamak we dünýäde giňden wagyz etmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança öwrüldi.

Çärede çykyş eden Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hanym Neda Berger meşhur türkmen bedewleriniň halklaryň arasynda hakyky dostluk köprüsi bolup hyzmat edýändigini belledi.

«Türkmen ahalteke bedewlerini häzirki zaman medeni diplomatiýasynda hakykatda parahatçylygyň ilçileri, dostlugyň we hoşniýetliligiň nyşany diýip atlandyrmak bolar» diýip, doktor Neda Berger belledi.

Doktor Berger şeýle hem Türkmenistanyň döwlet tarapyndan giň gerimli goldawyň netijesinde bu nusgalyk tohumy gorap saklamak üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini nygtady. Onuň bellemegine görä, häzirki wagtda «asman» bedewleriniň şöhraty Ýer ýüzüniň yklymlaryny parahatçylygyň we döredijiligiň baýdaklarynyň astynda birleşdirýär.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti “Gadamly” gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy ABŞ-nyň diplomaty bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy