DÜNÝÄ

Demirgazyk Amerikada ilkinji gezek ahalteke bedewleriniň toplumlaýyn ýazuwy geçirildi

2026-njy ýylyň 4-nji sentýabrynda Ahalteke bedewleri gaznasynyň (ATF) wekili Patrisiýa (Pät) Jonston Demirgazyk Amerikada arassa ganly ahalteke bedewleriniň sanynyň we ýagdaýynyň öwrenilmegine bagyşlanan giň gerimli barlagyň netijelerini hödürledi.Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berdi.

2026-njy ýylda geçirilen bu ýazuw işleriniň netijesinde köpeldilýän atlaryň sanyny, ilatyň gurluşyny we kriokonserwirlenen genetiki materiallaryň gorlaryny öz içine alýan häzirki zaman demografik maglumatlar binýady döredildi. Bu işe at eýeleriniň we atçylyk jemgyýetiniň wekilleriniň işjeň gatnaşmagy üpjün edildi. Geçirilen seljermäniň netijesinde Demirgazyk Amerikadaky arassa ganly ahalteke bedewleriniň umumy sanynyň takmynan 350 başdygy anyklanyldy. Şeýle-de bolsa, taýçanaklaryň dogluş derejesiniň ýönekeý nesil çalşygyny üpjün edýän derejeden pes bolmagynda galýandygy bellenildi. Bu ýagdaý tohumyň genofonduny gorap saklamak meselesini has-da derwaýys edýär.

Bu kynçylyklara jogap hökmünde Ahalteke bedewleri gaznasynyň (ATF-CBF) tohumçylyk taýdan gorap saklamak strategiýasy işlenip düzüldi. Strategiýanyň esasy maksady meşhur bedewleriň genetiki dürlüligini, özboluşly fenotipini, ýokary sport häsiýetlerini we saglygyny gorap saklamakdan ybaratdyr.

Täze başlangyç nesil daragtlaryny seljermegiň öňdebaryjy usullaryny häzirki zaman genom tehnologiýalary, şol sanda SNP-lere esaslanýan dykyz genotipleme we hromosomal nesil geçişiniň yzarlanmagy bilen utgaşdyrýar. Bu bolsa gymmatly, emma sany az bolan nesil ugurlaryny ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär.

Taslamanyň awtorlarynyň bellemegine görä, tohumy uzak möhletleýin gorap saklamak işiniň üstünlikli bolmagy dünýäniň dürli ýurtlaryndaky alymlaryň, atçylyk hünärmenleriniň we degişli guramalaryň ýakyn halkara hyzmatdaşlygyna baglydyr.

Related posts

Türkmenistanyň wekiliýeti Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň Baş konferensiýasyna gatnaşýar

“Alibaba”-nyň esaslandyryjysy Aziýanyň iň baý adamy

Kuweýtiň täze Emiri yglan edildi