JEMGYÝET

«Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabyň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Niderlandlar Patyşalygynda geçirilýän atçylyk sporty we ahalteke bedewleriniň gözelligi boýunça dünýä çempionatynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň niderland dilindäki neşiriniň dabaraly tanyşdyrylyş çäresi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.

Çäre Wenraý şäherindäki «Asteria» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda geçirilip, oňa Türkmenistanyň we Ýewropanyň ylmy jemgyýetleriniň, atçylyk pudagynyň düzümleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň kitabynyň niderland dilinde neşir edilmegi global atçylyk-sport ýaryşynyň çäklerinde geçirilip, Ýewropa yklymynda türkmen bedewleriniň hormatyna guralýan giň gerimli çäreleriň ähmiýetini has-da ýokarlandyrdy.

Çärä gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň köp asyrlyk taryhy we özboluşly milli gymmatlyklary barada bahasyna ýetip bolmajak maglumatlary özünde jemleýän düýpli eserleri döretdi. Bu eserleriň köpüsi eýýäm dünýä dillerine terjime edildi.

Ahalteke bedewlerine milli mertebäniň nyşany hökmünde çuňňur hormat goýýan awtor öz edebi döredijiliginde olary uly ylham bilen wasp edýär. Şeýle-de ol türkmen halkynyň wepaly hemralarynyň nesilden-nesle geçirilip gelýän idediliş we seýisçilik däplerini giňişleýin beýan edýär. Bu bedewleriň ykbaly halkymyzyň köp asyrlyk taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Kitabyň niderland dilinde neşir edilmegi okyjylar we degişli hünärmenler üçin ajaýyp sowgat boldy. Bu eser diňe bir atlar baradaky bilimleri baýlaşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem atçylyk medeniýetiniň ösmegine hem goşant goşýar. Şeýle-de ol atyň ähli döwürlerde adamyň wepaly dosty we ygtybarly hemrasy bolandygyny ynandyryjylyk bilen görkezýär.

Neşirde beýan edilýän milli däp-dessurlar we baýramçylyk dabaralary daşary ýurtly okyjylarda Türkmenistanyň baý ruhy mirasyna bolan tüýs ýürekden gyzyklanmany artdyrýar.

Related posts

Türkmenistan koza üretiminde hedefe ulaştı

vepa

Gazylyp alýan pudaklara bagyşlanan halkara forum

Ata Watan Eserleri

Büzmeýin etrabynda täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy boldy