JEMGYÝET

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Jidde gatnawlary 1-nji aprele çenli ýatyryldy

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirilýän aşakdaky ugurlar boýunça howa gatnawlaryň 2026-njy ýylyň 09-nji martyndan 01-nji apreline çenli togtadylýandygy barada habar berilýär.

Bu barada awiakompaniýanyň resmi saýtynda habar berilýär.

Habar berlişine görä:

• Aşgabat — Dubaý — Aşgabat
• Aşgabat — Jidde — Aşgabat

Ýatyrylan gatnawlaryň ýolagçylary awiabiletlerini tutumsyz ýagdaýda doly yzyna gaýtaryp bilerler, ýa-da iň ýakyn mümkinçilik bar bolan senelere tutumsyz ýagdaýda üýtgedip bilerler.

Şunuň bilen baglylykda, ýolagçylar awiabiletlerini yzyna gaýtarmak ýa-da uçuş senesini üýtgetmek üçin satyn alan ýerlerine ýa-da awiakompaniýanyň wekilhanalaryna ýüz tutmaklygy maslahat berýäris. Şeýle-hem, https://turkmenistanairlines.tm/ web sahypasynda we online platformalarynda satyn alynan awiabiletler yzyna gaýtarylan ýagdaýynda pul serişdeleri töleg geçirilen bank kartyna yzyna gaýtaryljakdygy barada habar berýäris.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirilýän howa gatnawlaryň ýagdaýlary baradaky iň soňky maglumatlary awiakompaniýanyň resmi saýtyndan we resmi habarlaşyk kanallaryndan yzarlamagyňyzy haýyş edýäris.

Ýüze çykan oňaýsyzlyklar üçin ötünç soraýarys we düşünişýändigiňiz üçin minnetdarlyk bildirýäris.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

1. Jidda:
• Telefon belgisi: +90 545 575 15 83
• Elektron salgy: ops@favorite-ias.com
2. Dubai şäheri:
• Telefon belgisi: +971 50 280 05 08
• Elektron salgy: ticket.mida@gmail.com
3. Türkmenistan:
• Telefon belgileri: +993 12 39-17-78, 23-03-15, 23-03-18
• Elektron salgy: info@turkmenistanairlines.tm

Hormatlamak bilen,
«Türkmenistan» awiakompaniýasy

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Derýageldi Orazow Şäherleriň Bütindünýä Forumy üçin Azerbaýjana bardy

Özbegistanda ýeňiji bolan türkmen atşynaslaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Beýik Britaniýada saparda bolýar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Hökümet Baştutanlary bilen duşuşar

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi