JEMGYÝET

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň ilkinji sergisi – türk eksport harytlarynyň sergisi

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan 2026-njy ýylda ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerini giňden wagyz etmäge, halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga hem-de telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen dürli ugurly sergileriň we forumlaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Täze-2026-njy ýylyň ilkinji sergisi Türkmenistanyň doganlyk ýurdy bolan Tükriýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi bolar. Bu sergi 2026-njy ýylyň 10-12-nji fewraly aralygynda geçiriler.

Sergide türk kompaniýalarynyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda öndürýän eksport ugurly önümleri görkeziler.

Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini Aşgabat şäherinde guramak indi asylly däbe öwrüldi. Geljek ýylda bu sergi 12-nji gezek geçiriler.

Tükriýe Respublikasy Türkmenistanyň esasy söwda we ykdysady hyzmatdaşydyr. Türkmenistanyň garaşsyzlygyny gazanandan bäri, biziň gurluşyk kompaniýalarymyz takmynan 55 milliard ABŞ dollaryna barabar taslamalary durmuşa geçirdi. Häzirki wagtda bolsa umumy bahasy 10 milliard dollara golaý bolan 19 taslama dowam etdirilýär.

Iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygyny 2 milliard dollardan 5 milliard dollara çenli artdyrmak meýilleşdirilýär we şunuň bilen baglylykda, şeýle sergileriň ähmiýeti uludyr.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Hemişelik wekili BMG-niň Baş sekretaryna ynanç hatyny gowşurdy

Mary we Lebap welaýatlarynyň käbir etraplaryna täze häkimler bellenildi

Arkadag şäherinde jaý toýlary tutuldy

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Pyýada atly ahalteke bedewiniň heýkeliniň açylyş dabarasy boldy

Hankerwen – 2026-njy ýyl boýunça «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi»