JEMGYÝET

Türkmenistan Eýrana ähli zerur kömegi bermegi teklip etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Söhbetdeşligiň başynda türkmen halkynyň Milli Lideri Bendar-Abbas portunda bolup geçen partlama zerarly öz adyndan, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan goňşy döwletiň Baştutanyna we Eýranyň halkyna çuňňur gynanjyny hem-de duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň ýakyn goňşusy hökmünde Türkmenistanyň partlama zerarly ejir çekenlere lukmançylyk we beýleki ähli zerur kömegi bermäge taýýardygyny nygtady.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti hoşallyk bildirip, şu çylşyrymly pursatda türkmen halkynyň Milli Lideriniň ilkinji bolup, öz goldawyny bermek baradaky teklibini beýan edendigini belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Prezident Masud Pezeşkian ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşi barada pikir alyşdylar. Şeýle hem sebit we halkara gün tertibininň özara gyzyklanma bildirýän käbir meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Dewid Kamerony kabul etdi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

Elektrik ve doğal gazda yeni tarife: Bedava kotalar devam ediyor

vepa