DÜNÝÄ

Türkmenistanda täze ministrler wezipä bellendi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda ýurdumyzyň halk hojalygynda alnyp barylýan işleriň jemleri jemlendi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi işini ýatyryp, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasary wezipesini girizdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Demirýol ulaglary ministrligi, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy hem-de Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy döredildi.

Şoňa laýyklykda, Türkmenistanyň demirýol ulaglary ministri wezipesine Mämmet Akmämmedow bellendi.

Şeýle hem Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri wezipesine Hajymyrat Hudaýglyýew bellendi. Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministri wezipesine Begenç Annadurdyýew hem-de Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy wezipesine Azat Şanazarow bellendi.

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýeti «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň ýapylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti “Zenanlaryň bütindünýä sammiti -2025” gatnaşdy

“TRT Awaz” teleýaýlymynyň taýýarlan filmleri görkezildi

Türkmenistan bilen Russiýa täze ähtnamalara gol çekdi

Ata Watan Eserleri

Fizuli şäherinde guruljak metjidiň düýbüni tutmak dabarasy mynasybetli brifing geçirildi

Sergeý Lebedew GDA-nyň baş sekretarlygyna täzeden bellendi