BIZNES

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine täze ýolbaşçy bellendi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda ýurdumyzyň halk hojalygynda alnyp barylýan işleriň jemleri jemlendi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesine Nazar Agahanowy belledi.

Hormatly Prezidentimiz Nazar Agahanowy Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary wezipesindne boşatdy.

Related posts

Gazagystan Hytaýa tarap täze demirýol gurup başlady

Türkmenistanda 48,7 milliard kubmetr tebigy gaz öndürildi

Pomidor ösdürip ýetişdirýänleriň dykgatyna! Eksporty höweslendirmek üçin bäsdeşlik geçirilýär