JEMGYÝET

Lebap we Mary welaýatlaryna täze häkim bellendi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda ýurdumyzyň halk hojalygynda alnyp barylýan işleriň jemleri jemlendi. Mejlisiň dowamynda guramaçylyk meselelerine hem garaldy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Lebap we Mary welaýatylaryna täze häkimleri belledi.

Türkmenistanyň Suw hojalygy döwlet komitetiniň başlygy Durdy Genjiýew şol bir wagtda Lebap welaýatynyň häkimi wezipesine bellendi.

Döwlet Baştutanymyz Mary welaýatynyň häkimi wezipesine bolsa, ozal hem bu welaýatyň häkimi bolup işlän Döwranberdi Annaberdiýew bellendi.

Related posts

XVI halkara Žautykow olimpiadasyndan medally dolandylar

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti gallaçy daýhanlary zähmet ýeňşi bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

Vice-President of the EC Maros Sefcovic sends video message to the participants of the forum of the Energy Charter

vepa